Prezident Erdogan Katolikleriň ruhany lideri Papanyň myhmany hökmünde Watikanda gider

Watikandan soň Rimde Italiýanyň Prezidenti Sergio Mattarella bilen duşuşar

902726
Prezident Erdogan Katolikleriň ruhany lideri Papanyň myhmany hökmünde Watikanda gider

Prezident R. T. Erdogan Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransiskiň myhmany hökmünde fewral aýynyň 4-5-i aralygynda resmi sapar bilen Watikana gider.

Prezident Erdoganyň Papa bilen boljak duşuşygynda Türkiýe-Watikan gatnaşyklary, Iýerusalim meselesindäki başdan geçirilýän soňky wakalar, sebitara meseleler, Siriýada başdan geçirilýän adamzat pajygasy, terror, daşary ýurt duşmançylygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Watikandan soň Rimde Italiýanyň Prezidenti Sergio Mattarella bilen iş naharynda duşuşjak Prezident Erdogan Premýer ministri Paolo Gentilonini hem kabul eder.

Özara gepleşiklerde Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we goranyş senagatynda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde Siriýadaky, Yrakdaky we Liwiýadaky soňky wakalar, Iýerusalim, terrora we bikanun göçe garşy hyzmatdaşlyk, ÝB we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar seljerler.

Prezident Erdoganyň Rime gurajak saparynyň çäginde Italiýanyň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmegi göz öňünde tutulýar.

 



Degişli Habarlar