Gollandiýada ýaşaýan türkler terror guramasy PÝD/PKK-a garşy ýöriş geçirdi

Protest ýörişinde “Türk, kürt dogandyr, PKK ganhordyr, ýok bolsun PKK” diýlen şygalar aýdyldy

902595
Gollandiýada ýaşaýan türkler terror guramasy PÝD/PKK-a garşy ýöriş geçirdi

Gollandiýada ýaşaýan türkler terror guramasy PÝD/PKK-a garşy ýöriş geçirdi.

Rotterdamda otly bekediniň öňünde geçirlen protest ýörişine esasy bölegi ýaşlardan ybarat uly topar gatnaşdy.

Türkiýäniň baýdaklary bilen protest ýörişine gatnaşan türkler “Türk, kürt dogandyr, PKK ganhordyr, ýok bolsun PKK” diýlen şygalary aýtdylar.

Protest ýörişinde köp sanly howpsyzlyk işgäri iş alyp bardy.

PÝD/PKK-a goldaw berýänler geçen hepde paýtagt Amsterdamda geçiren ýörişlerinde iki türk taksisti urupdy we 1 türk žunaliste hem hüjüm edipdi.

PÝD-PKK-nyň tarapdarlary soňky döwürde Ýewropada birnäçe metjide hem hüjüm edipdi.

 



Degişli Habarlar