"Siriýada ähli aktýorlaryň öz üstlerine düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeklerine garaşýarys"

Türkiýe Siriýada ähli aktýorlaryň öz üstlerine düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeklerine garaşýar

900424
"Siriýada ähli aktýorlaryň öz üstlerine düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeklerine garaşýarys"

Daşary işler ministrliginiň, Soçidäki Siriýanyň milli dialog kongresiniň netijesi baradaky beýanatynda “Türkiýe Siriýada ähli aktýorlaryň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine garaşýar” diýildi.

Beýanatda Russiýanyň ýer eýeçiliginde Soçide geçirlen Siriýa milli dialog kongresine oppozisionerleriň hemaýatkäri hökmünde Türkiýäniň hem gatnaşandygy nygtaldy.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda  Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Soçide geçirlen Lideler maslahatynda hem nygtalşy ýaly Türkiýäniň BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky ähli tagallarda oppozisioneriň syýasy etapdaky rolyna üns berlen halatynda edilýän şol tagallalara goldaw bermäge taýardygy ýatladyldy.

Beýanatda “Kongresiň esasy netijelerinden biri hem konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy üçin konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi üçin çagyryş berilmegidir. Kongresde Siriýaly oppozisionerlere wekilçilik eden türk resmi wekiliýeti hem 150 adamlyk konstitutsiýa komiteti üçin oppozisionerler bilen birlikde taýarlanan 50 adamlyk sanaw hödürledi” diýildi.

Beýanatda Türkiýäniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegi ugrundaky tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar: #kongres , #Erdogan , #BMG , #Soçi

Degişli Habarlar