Binali Ýyldyrym Fransiýanyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly beýanatyna nägilelik bildirdi

900737
Binali Ýyldyrym Fransiýanyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Binali Ýyldyrym Liwanyň Premýer Saad Hariri bilen Ankarada Çankaýa köşgünde geçiren metbugat ýygnagyndan soň, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly beren beýanatynda Türkiýäniň Afrinde mydamalyk galmaly däldigi baradaky sözlerine reaksiýa bildirdi.  

“Fransiýanyň pikiri ýerliksiz” diýen Binali Ýyldyrym: “Biziň Afrinde näme etmek isleýändigimize düşünmek üçin Ýewfrat galkany operasiýasyndaky Münbiç, Jerablus we Azez liniýasyndaky 2 müň inedördül kilometrlik ýere seretsinler. Ondan başga garaýyşlar hakykaty beýän etmeýär” diýdi.



Degişli Habarlar