Afrin operasiýasynda ýene-de bir oba terror guramasyndan saplandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Afriniň demirgazygyndaky ýene-de bir obany terror guramasyndan saplandyklaryny habar berdi

900657
Afrin operasiýasynda ýene-de bir oba terror guramasyndan saplandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda TÝG-nyň we ASG-nyň Afriniň demirgazygyndaky Bülbül etrapçasyna degişli Bak Ubasi obasyny PÝD/PKK-a agza terror guramasyndan saplandygyny habar berdi.

Beýanatda Türkiýe serhedine serhetdeş bolan Bülbül etrapçasynyň merkeziniň gündogaryndaky obalaryň saplanmagy bilen terror guramasynyň Afriniň demirgazygyna uzanýan strategik logistik ýollaryň öňüniň kesilendigi beýan edildi.

Beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň 12-nji gününde Afriniň 19 oba, 1 kiçiräk oba we 5 dagdyr-depe bolmak bilen terror guramasyndan jemi 25 aýry ýeriň basylyp alynandygy bellendi.



Degişli Habarlar