Siriýanyň Afrin sebitinden Türkiýäniň Reýhanly etrabyna hüjüm guraldy

Siriýanyň Afrin sebitinden PÝD/PKK-ly terrorçylar tarapyndan atylan raketa Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyna gaçdy

898449
Siriýanyň Afrin sebitinden Türkiýäniň Reýhanly etrabyna hüjüm guraldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahajygy operasiýasyny alyp barýan Afrin sebitinden atylan raketa etrabyň Respublika etrapçasyndaky 3 gatly binanyň 1-nji gatyndaky oda degdi.

Şol otagda hiç kimiň ýaşamaýandygy mälim bolup, hüjümde 1 çaga ýeňil ýagdaýda ýaralandy.

Ýaralanan çaga tiz kömek ulagy bilen hassahana alynyp gidildi.

Wakanyň bolan ýerine polis işgärleri, žandarma güýçleri we ýangyn söndürijiler iberildi.



Degişli Habarlar