Ýyldyrym: “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde 300-den gowrak terrorçy ýok edildi”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Siriýanyň Afrin etrabynda dowam edýän “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda häzirki wagta çenli terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-den 300-den gowrak terrorçynyň ýok edilendigini aýtdy

896968
Ýyldyrym: “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde 300-den gowrak terrorçy ýok edildi”

Premýer ministr Ýyldyrym Ankarada Türkiýe Umumy töleg platformasynyň gol çekişlik dabarasynda sözlän sözünde “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada durup geçdi.

ÝPG terrorçylarynyň Kilis welaýatynda metjide atan raketalaryny ýatladyp: “Bu adamlardan näme isleýäňiz pespäller, ýüregiňiz bolsa esgeriň öňüne çykyň” diýdi.  

Operasiýanyň 6 günden bäri dowam edýändigini nygtan Ýyldyrym, käbir töwerekleriň operasiýa garşy gara propoganda alyp baryp, ykdysady çökgünlik jerçiligini edýändigine ünsi çekdi.

Ýyldyrym: “80-nji ýyllardan bäri göreşimiz dowam edýär. Biziň ykdysadyýetimiz terrora göreşlerden, serhet aşa operasiýalardan zyýan çekmez. Durmuşyň adaty akymy dowam edýär. Türkiýe indi ozalky Türkiýe däl. Türkiýe bir tarapdan raýatlarynyň howpsyzlygyny gorap, asudalygyny üpjün edýän bolsa, beýleki tarapdan ýerimize göz diken terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär” diýdi.

ABŞ-nyň terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň innän düşnüksizdigini beýan eden Ýyldyrym: “NATO-da hyzmatdaşymyz bolan bir döwletiň NATO-nyň serhetlerini goramagyň ýerine serhetlere hüjüm edýän ýaragly toparlara ýapyk ýa-da aç-açan goldaw bermegi aň-düşünjä bap gelmeýän zat. Asla kabul edilmesiz” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän terror koridorynyň açylmagyna asla ýol bermejekdigini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar