Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin degişli çäreleriň görlendigine ünsi çekdi

895576
Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti  Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, iki lider Siriýa meslesi bilen arabaglanşykly soňky wakalar we Türkiýäniň Afrinde terrorçylara garşy başladan Zeýtun şahasy operasiýasy hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň ady agzalýan operasiýany halkara hukugyna we BMG-nyň şertnamasynyň 51-nji maddasyna we terrora garşy göreş meselesinde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň degişli kararlaryna laýyklykda geçirýändigini nygtady.

Makron bilen Zeýtun şahasy operasiýasy hakynda pikir alyşan Prezident Erdogan, operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin degişli çäreleriň görlendigine ünsi çekdi.

İki lider Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin edilýän tagallalaryň çäginde öňümizdäki etapda ýakyndan aragatnaşyk saklamak babatynda ylalaşyk gazandy.



Degişli Habarlar