Türk liderler Afrin operasiýany ele aldylar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli Zeýtun şahajygy operasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

893965
Türk liderler Afrin operasiýany ele aldylar

Erdogan bilen Bahçeliniň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde Türk Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e ağza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk halkyny basyş we zulumdan halas etmek maksady bilen başladan operasiýany ele aldylar.

Prezident Erdogana jaň edip, goldaw beren Dewlet Bahçeli geçirilýän operasiýanyň örän wajypdygyna ünsleri çekdi.

Prezident Erdogan hem Bahçelä berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi we terror howpyna garşy Halkara hukuga bap gelýän bu operasiýanyň Türkiýäniň milli howpsyzlygyny kepillik astyna almak bilen birlikde sebitiň durnuklylygyna hem goşant goşjakdygyny belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem şu gün Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen Çankaýa köşgünde duşuşyk geçirer. Binali Ýyldyrym Kylyçdaroglyny şu gün günortandan soň kabul eder.



Degişli Habarlar