Goşun generaly Akar Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Hataý welaýatyndaky harby merkezlere bardy

"Zeýtun şahasy operasiýasy BMG-nyň kararlaryna we halkara hukugyna laýyklykda geçirilýär"

893697
Goşun generaly Akar Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Hataý welaýatyndaky harby merkezlere bardy

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar Zeýtun şahasy operasiýasynyň BMG-nyň kararlaryna we halkara hukugyna laýyklykda geçirilýändigini aýtdy.

Goşun generaly Akar Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Hataý welaýatyndaky harby merkezlere baryp gördi.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, goşun generaly Akara  Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Ýaşar Güler, Deňiz güýçleriniň serkerdesi Adnan Özbal bilen Howa güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Hasan Küçükakýüz hem ýoldaşlyk etdi.

Operasiýanyň PKK/KJK/PÝD/ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen guralýandygyny aýdan goşun generaly Akar BMG-nyň şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda guralýan operasiýada diňe terrorçylara degişli ýerlerin nyşana alynýandygyny, asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigini aýratyn belledi.

Operasiýanyň Siriýanyň territoriwal bitewiliginiň goralmagyny maksat edinýändigini aýdan goşun generaly Akar, operasiýanyň şeýle hem dost we doganlyk sebitiň halkynyň terrorçylaryň basyşyndan we zulumyndan halas etmegi maksat edinýandiginine ünsi çekdi.

Goşun generaly Akar operasiýa gatnaşýan esgerler gazanýan üstünlikleri bilen gutlady we rowaçlyk arzuw etdi.



Degişli Habarlar