PKK/PÝD-ä degişli 108 ýer nyşana alyndy

Hassahanalara getirlen ýoganlaryň we ýaralananlaryň ählisiniň PKK/PÝD-ä agza terrorçylardygy nygtaldy

892902
PKK/PÝD-ä degişli  108 ýer nyşana alyndy

Türk ýaragly güýçleri Zeýtun şahasy operasiýasynyň ilkinji 1,5 sagadynda ozal anyklanylan terror guramasy PKK/PDÝ-ä degişli 113 ýerden 108-ni nyşana aldy.

Hassahanalara getirlen ýoganlaryň we ýaralananlaryň ählisiniň PKK/PÝD-ä agza terrorçylardygy nygtaldy.

Türk harby uçarlary terror guramasy PÝD/PKK-niň gözegçiligi astynda bolan Minnig harby howa menzilini bombalady.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň, Eýranyň we Russiýanyň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary Daşary işler ministrligine çagyryldy we Siriýanyň Afrin etrabyndaky soňky wakalar barada maglumat berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Afrindäki rus esgerleriniň howpsyzlyk sebäpli  etrapdan çykarlandyny we Tel Ryfada ornaşdyrlandygyny mälim etdi.

Goranmak ministrligi mundan başgada” ABŞ-nyň Siriýadaky jogapkärçiliksiz tutumy ýurtdaky syýasy çözgüt etabyna we Ženewa etabyna howp salýar” diýdi.



Degişli Habarlar