Erdogan "Afrin operasiýasy başlady we Munbiç bilen dowam eeder"diýdi

Prezident Erdogan Kütahýada  geçirlen Adalat we ösüş partiýasynyň 6-njy maslahatyna gatnaşdy

892798
Erdogan "Afrin operasiýasy başlady we Munbiç bilen dowam eeder"diýdi

Prezident R. T. Erdogan Afrin operasiýasynyň başlandygyny we Munbiç bilen dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Kütahýada  geçirlen Adalat we ösüş partiýasynyň 6-njy maslahatyna gatnaşdy.

Erdogan maslahatda sözlän sözünde ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky böleginiň yzygiderli ýagdaýda adyny üýtgedip guramany legallaşdyrmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Erdogan “Siriýada terror guramasynyň adyny üýtgetmek üçin dürli bahanalary oýlap tapýarsyňyz. Biziň üçin adyna garamazdan terrorçylardan ybarat ähli toparyň ady terror guramasydyr. Ýok Siriýanyň demokratik güýçleri, ýok serhet goşuny, ýok içerki gowpsyzlyk goşuny diýmek bilen eýsem siz kimi aldaýaňyz.? Şol guramanyň ady PKK, PÝD we ÝPG” diýdi.

Prezident Erdogan, ABŞ-nyň we ÝB-niň terror guramalarynyň sanawynda bolan PKK-nyň Siriýada goldaw alýan şol guramanyň edil özüdigini belledi.

Erdogan ABŞ-nyň we ÝB-niň muňa doly göz ýetirýändiklerine garamazdan Türkiýäni we bütin dünýä aldamak üçin ýalňyş beýanat berýändiklerini nygtady.

ABŞ-nyň PÝD/ÝPG meselesinde gapma-garşy beýanat berýändigini aýdan Erdogan “Biri goşun dörederis diýýär, beýlekisi asla beýle maksadymyz ýok diýýär, ýene biri bolsa serhet howpsyzlyk goşunyny döredirs diýýär. Olaryň biri-birinden habary ýok, ýada biriniň aýdan ýalanyny beýlekisi duýmazlyk gelýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar