"Türkiýä abanýan wehimleri ortadan aýyrmak üçin ähli taraplaýyn çäre görmäge dowam ederis"

Kalyn Stambulda Afrine guralmagy meýilleşdirilýän operasiýa bilen birlikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada metbugata beýanat berdi

891542
"Türkiýä abanýan wehimleri ortadan aýyrmak üçin ähli taraplaýyn çäre görmäge dowam ederis"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýäniň milli howpsyzlygyna abanýan wehimleri ortadan aýyrmak üçin ähli taraplaýyn çäre görmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Kalyn Stambulda Afrine guralmagy meýilleşdirilýän operasiýa bilen birlikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada metbugata beýanat berdi.

Kalyn ABŞ-dan berlen “ÝPG-niň (ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky böleginiň) goşuny ýok” diýlen ýüzlenmeden soň etap bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini belledi.

Türkiýäniň milli howpsyzlygyna abanýan ähli wehimlere garşy ähli taraplaýyn çäre görendigini we çäre görmäge dowam etjekdigini aýdan Kalyn “ Bu Afrin, Jarablus, Munbiç we başga ýer hem bolup biler. Şol howpyň PKK-dan, PÝD/ÝPG-den, DAIŞ-den ýada başga terror guramalaryndan gelendigine garamazdan dessine berk çäre görler”diýdi.

 

 



Degişli Habarlar