Erdoganyň Sabah gazedinde çap edilen interwýusy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-niň Siriýadaky pozisiýasy sebäpli terror korridoryna rugsat berilmejekdigini beýan etdi

891414
Erdoganyň Sabah gazedinde çap edilen interwýusy

Prezident Erdoganyň Sabah gazedinde çap edilen interwýusynda: “Türkiýe nähili kyn bolsa bolsun Siriýanyň demirgazygynda bir terror korridorynyň emele getirilmegine rugsat bermez” diýdi.

Terror guramasy DAIŞ bilen Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň, aýralykçy terror guramasy PKK bilen ÝPG/PÝD-niň meňzeşdigini kabul etmeýän bir düşünjäniň terrora garşy göreşip bilmejekdigini aýdan Erdogan ABŞ-niň ähli terror guramalaryna garşy umumy bir pozisiýasynyň bolmalydygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gapma-garşylygyň gepleşikler arkaly çözülmegiň tarapdarydyklaryny nygtap: “Emma Ýewfrat galkany operasiýasynda bolşy ýaly söweş meýdanynda harby insiatiwany saýlamakdan hem gorkmarys” diýdi.



Degişli Habarlar