Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün geçiriler

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty 17-nji ýanwarda çarşenbe güni Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

889767
Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün geçiriler

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Afrin operasiýasy bolar.

2018-nji ýylyň ilkinji Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň uzaldylmagy barada teklip hödürlener.

Maslahatda ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygynda gurmaga synanyşýan terror goşuny hem ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahatda mundan başgada 2018-nji ýylyň ilkinji Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň uzaldylmagy barada teklip hödürlener.

Edil yz ýanyndan geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisinde bolsa Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň ýene-de 3 aý uzaldylmagy barada karar kabul edilmegine garaşylýar.

Karar Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edilmeginden soň resmi gazetde çap ediler.

Ondan soň bolsa Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bilen baglanşykly Premýer ministrlik ygtyýarnamasy TBMM-de ara alynyp maslahatlaşylar



Degişli Habarlar