Prezident Erdogan Tunisli ýolbaşçylar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Tunisiň Prezidenti Al Baji Kaid As Sibsi we Premýer ministri Ýusuf Şahid bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

886779
Prezident Erdogan Tunisli ýolbaşçylar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Tunisde gündelik durmuş şertleriniň agyrlaşýandygy sebäpli başlan protest ýörişleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan Tunisiň jebislikde we bitewilikde ähli kynçylyklaryň hötdesinden geljekdigine ynanýandygyny nygtady.

Tunise guran soňky saparynda türk wekiliýetiniň içgin garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildiren Prezident Erdogan Tunisiň demokratiýasyna ähmiýet berýändiklerine ünsi çekdi.

Telefon söhbedeşliginde Türkiýe bilen Tunisiň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

 



Degişli Habarlar