Türkiýe Eýranda durnuklylygyň we asudalygyň goralyp saklanmagyna ähmiýet berýär

“Eýranda wakalaryň has möwjemeginiň öňüniň alynmagyny gysga wagtda asudalygyň üpjün edilmegini arzuw edýäris”

880063
Türkiýe Eýranda durnuklylygyň we asudalygyň goralyp saklanmagyna ähmiýet berýär

 

Daşary işler ministrligi Eýranda 20-den gowrak şäherde geçirilýän protest aksiýalary hakynda beýanat berdi.

Beýanatda Türkiýäniň Eýranda 28-nji dekabrda başlan protest ýörişleriniň ýaýbaňlanmak bilen dowam edýändigi, ýörişlerde ýogalanlaryň bardygy we jemgyýetçilik ýerlerine zeper ýetirilýändigi hakyndaky habarlara alada bildirýändigi nygtaldy.

Beýanatda Türkiýäniň dost we doganlyk ýurt Eýranda durnuklylygyň we asudalygyň goralyp saklanmagyna uly ähmiýet berýändigi, Prezident Hasan Ruhaniniň halkyň parahatçylykly maksatly ýöriş geçirmek hukugynyň bardygyny emma şol ýörişlerde döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara zeper ýetirilmezligi üçin has ünsli hereket edilmegi hakyndaky sözlerine üns berilmelidigi we meçew beriji hereketlerden gaça durulmalydygy ýatladyldy.

Beýanatda “Eýranda wakalaryň has möwjemeginiň öňüniň alynmagyny gysga wagtda asudalygyň üpjün edilmegini arzuw edýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar