"Biziň sünnülik ýada şaýylyk diýýän dinimiz ýok. Biziň ýekeje dinimiz bar ol hem yslam dini"

Prezident R. T. Erdogan günbatar dünýäsiniň Musulman dünýäsini bölmek tagallalaryna ünsi çekdi

878183
"Biziň sünnülik ýada şaýylyk diýýän dinimiz ýok. Biziň ýekeje dinimiz bar ol hem yslam dini"

Prezident R. T. Erdogan günbatar dünýäsiniň Musulman dünýäsini bölmek tagallalaryna ünsi çekdi.

Erdogan Afrika saparynyň soňky duralgasy Tunisden gaýdyşyn uçarda žurnalistlere beýanat berdi

Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özüni “Sünni musulmanlaryň lideri” hökmünde görkezýändigine ünsi çeken Erdogan “Waka sünnülik ýada liderlerlik meselesi däl. Biziň sünnülik ýada şaýylyk diýýän dinimiz ýok. Biziň ýekeje dinimiz bar ol hem yslam dini. Yslam dini näme diýýän bolsa biz şoňa laýyklykda hereket edýäris. Bizi onsun hem sünni we şaýy diýip böldüler. Şuňa meňzeş oýunlara bogun egmezlik üçin has ünsli çemeleşilmeli” diýdi.

Iýerusalimiň statusy meselesinde edilýän tagallalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan “Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylygynda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji dekabrda nobatdan daşary ýagdaýda Stambulda geçirlen maslahatyna has ýokary gatnaşyk bolup bilerdi” diýdi.

Arap Ligasyndaky käbir ýurtlaryň İýerusalim meselesinde ýeterlik derejede tagalla etmändigini nygtan Erdogan muňa gaty gynanýandygyny belledi.

Siriýanyň demirgazygynda ABŞ-nyň we käbir günbatarly ýurtlaryň goldaw bermeginde terror koridorynyň döredilmek islenýändigine ünsi çeken Erdogan “Biz ol ýerde terror koridorynyň döredilmeginde asla rugsat bermeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar