Premýer ministr Binali Ýyldyrym Saud Arabystanynda saparda boldy

Ýyldyrym Saud Arabystanyna guran gysga saparynyň netijeli geçendigini aýtdy

877211
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Saud Arabystanynda saparda boldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Saud Arabystanyna guran resmi saparynyň çäginde Saud Arabystanynyň Şalygyna degişli kabulhanada metbugata beýanat berdi.

Ýyldyrym Saud Arabystanyna guran gysga saparynyň netijeli geçendigini aýtdy.

Binali Ýyldyrym Saud Arabystanyna guran ilkinji saparynda Şa Salman Bin Abdulaziz tarapyndan kabul edilendigini, Mirasdar Şazada we  Goranmak ministri Muhammed Bin Salman bilen duşuşandygyny belledi.

Duşuşyklarynda Yrak, Siriýa, Palestina, Ysraýyl, Ýemende dowam edýän içerki uruş we Liwiýadaky soňky wakalar bilen birlikde iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Ýyldyrym, Türkiýe bilen Saud Arabistanynyň sebitde yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmeginde esasy rol oýnaýan iki ýurtdyna ünsi çekdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň iki taraply gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Binali Ýyldyrym Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Salmanyň ýakynda Türkiýä sapar gurajakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar