Katar Prezident Erdoganyň tagallasyna kanagatlanma bildirdi

ABŞ-nyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenen Iýerusalim baradaky karar taslamasyny weto etmegine bolsa nägilelik bildirdi

872685
Katar Prezident Erdoganyň tagallasyna kanagatlanma bildirdi

Katar Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Iýerusalim baradaky kararyna garşy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bilelikdäki pozisiýa eýelemegi ugrundaky tagallasyna kanagatlanma bildirdi

Kataryň Premýer ministri Şeýh Abdullah Bin Nasyr Bin Halife Al Saniniň ýolbaşçylyk etmeginde Emirligiň Dohadaky diwanynda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisi palestin halkynyň goralmagy, Ysaraýyla degişli güýçleriň hüjümleri we ýehudi ýaşaýjylarynyň Al Aksa metjidindäki düzgün bozmalarynyň öňüniň alynmagy üçin halkara jemgyýetçiliginiň egilşiksiz we gyssagly herekete geçirilmegini isledi.

Kataryň Adalat ministri Hasan Bin Lahdan Al Hasan Al Muhannedi ýurdunyň resmi habarlar gullugy “QNA” beren beýannamasynda mejlisde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Stambulda geçiren maslahatynyň jemleýji jarnamasyna kanagatlanma döredendigini aýtdy.

Masşahatyň jemleýji jarnamasynyň musulman halklaryň duýgularyny beýan edendigini we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalim kararyna garşy durmak üçin iş meýilnamasyny kesgitländigini aýdan Muhannedi Prezident R.T.Erdoganyň YHG-nyň Stambuldaky maslahatynyň geçirilmegi we musulman ýurtlarynyň Iýerusalim meselesinde bir pozisiýa eýelemegindäki roly barada öwgüli sözler aýtdy.

Muhannedi ABŞ-nyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenen Iýerusalim baradaky karar taslamasyny weto etmegine hem nägilelik bildirdi.

Trampyň 6-njy dekabrda geçiren metbugat ýygnagynda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 1980-nji ýylda Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimi özüne birleşdirip, paýtagt yglan etmegi baradaky karary bes eden 478 belgili kararyna garamazdan “Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegiň wagty geldi” diýipdi.

Tramp Döwlet sekretarlygyna ýurdunyň Tel-Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalime göçürilmegi üçin taýarlyklara başlamagy barada-da görkezme berendigini aýtdypdy.

Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde Müsür tarapyndan BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenen we ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar eden kararynyň BMG-niň degişli kararyna bap gelmeýändigi sebäpli “hukuky taýdan hökümsiz” yglan edilmegi baradaky taslama geňeşiň 15 agzasynyň 14 agzasynyň kabul sesini berendigine garamazdan ABŞ tarapyndan weto edilipdi.



Degişli Habarlar