Terrora garşy guralan operasiýalarda 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýede dekabr aýynyň 11-18-i aralygynda terrora garşy guralan operasiýalarda 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

870798
Terrora garşy guralan operasiýalarda 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, soňky bir hepde-de terrora garşy guralan operasiýalaryň çäginde howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 1087 operasiýa guraldy.

Operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a goldaw berendigi sebäpli 148, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykly 75, Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 575, çepçi terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde hem 24 adam saklandy.

Operasiýalarda 9-y öli, 4-i sag, 15-i boýun egmek bilen jemi 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Agry, Batman, Bingöl, Diýarbakyr, Mardin, Şyrnak, Tunjeli we Giresun welaýatlarynda guralan operasiýalarda terrorçylar tarapyndan ulanylýan 81 gaçybatalga we gowak bilen 18 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.

 



Degişli Habarlar