Türkiýe DAIŞ-e garşy göreşde gazanan ýeňişi bilen Yragyň hökümetini gutlady

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi DAIŞ-e garşy göreşde ýeňiş gazanandyklaryny mälim etdi

865392
Türkiýe DAIŞ-e garşy göreşde gazanan ýeňişi bilen Yragyň hökümetini gutlady

Türkiýe terror guramasy DAIŞ-e garşy alyp barýan tutanýerli göreşinde gazanan ýeňişi bilen Yragyň hökümetini gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda DAIŞ-e garşy guralan göreşde ýogalan yraklylara Alladan rahnet dilendi.

Beýanatda şeýle diýildi; “Yragyň DAIŞ-e garşy  netijeli göreşine hoşallyk bildirýäris we Yragyň hökümetini gazanan ýeňişi bilen gutlaýarys. DAIŞ-e garşy göreşde ýogalan yrakly doganlarymyza Alladan rehnet dileýäris”.

Beýanatda Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşde bolşy ýaly DAIŞ-den soňky döwürde hem Yragyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigi bellenildi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi düýn eden çykyşynda DAIŞ-e garşy göreşde ýeňiş gazanandyklaryny mälim etdi.

DAIŞ-e garşy göreşde gazanylan ýeňiş paýtagty Bagdatda harby dabara bilen bellenilip geçildi.

 



Degişli Habarlar