TIKA tarapyndan Gazada gurdurlan 320 ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda palestinalylara gowşuryldy

TIKA tarapyndan gurdurlan 320 ýaşaýyş jaýynda 2 müň 250 adamyň ýaşamagyna garaşylýar

865506
TIKA tarapyndan Gazada gurdurlan 320 ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda palestinalylara gowşuryldy

Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA tarapyndan Gazada gurdurlan 320 ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda palestinalylara gowşuryldy.

Palestinanyň Abadanlaşdyryş ministri Mufid Al Hasaýine ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasynda eden çykyşynda TIKA tarapyndan gurdurlan ýaşaýyş jaýlarynyň Prezident Mahmud Abbasyň görkezmesi bilen Ysraýylyň 2014-nji ýylda guran hüjümlerinde öýsüz galan ýoksul palestinaly maşgalalara gowşurlandygyny aýtdy.

Sebitdäki ýoksul maşgalar üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygyny aýdan Hasaýine “ TIKA-nyň başda durmagynda Türkiýäniň palestinanyň halkyna berýän goldawyndan hoşal” diýdi.

TIKA tarapyndan gurdurlan 320 ýaşaýyş jaýynda 2 müň 250 adamyň ýaşamagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar