Türkiýe Iýersalimde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanylmagyny  ýazgardy

"4 adamyň ýogalmagyna ve ýüzlerje palestinalynyň ýaralanmagyna çuňňur gynanç ve  vakalara uly alada bildirýäris

865295
Türkiýe Iýersalimde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanylmagyny  ýazgardy

Türkiýe Iýersalimde protest ýörişini geçiren palestinalylara garşy Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanylmagyny  ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda  Iýerusalimiň statusy hakyndaky halkara  hukugyny ve BMG-nyň kararlaryna basgylaýan beýanatdan soň basyp alyşlyk astyndaky topraklarda protest ýörişini geçiren palestinalylara garşy Ysraýylyň aşa güýç ulanandygy ýatladyldy.

Beýanatda “Protest ýörişini geçiren palestinalylara garşy Ysraýylyň hovpsyzlyk güýçlerinyň aşa güýç ulanmagy netijesinde 4 adamyň ýogalmagyna ve ýüzlerje palestinalynyň ýaralanmagyna çuňňur gynanç ve  vakalara uly alada bildirýäris. Ysraýylyň aşa güýç ulanmagyny hem berk ýazgarýarys” diýildi.



Degişli Habarlar