DAIŞ-e garşy guralan operasiýada daşary ýurtly 26 adam saklandy

Operasiýalarda köp sanly resminama ele geçirildi

862194
DAIŞ-e garşy guralan operasiýada daşary ýurtly 26 adam saklandy

 

Stambulda terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýada daşary ýurtly 26 adam saklandy.

Stambulyň Içeri işler müdürliginiň terrora garşy göreş bölümi düýn gije Fatih we Başakşehir etraplarynda 6 öýe operasiýa gurady.

Operasiýalarda DAIŞ-iň adyndan çaknyşyklara gatnaşadan soň Stambula gelen daşary ýurtly 26 adam tussag edildi.

Operasiýalarda şeýle hem köp sanly resminama ele geçirildi.



Degişli Habarlar