"Ierusalym musulmanlar üçin diýseň möhüm"

Prezident Erdogan Ierusalymyň musulmanlar üçin diýseň möhümdigini aýtdy

861626
"Ierusalym musulmanlar üçin diýseň möhüm"

 

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň TBMM-däki mejlis toparynda çykyş etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalymy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etjekdigi hakyndaky habarlara gynanandygyny aýdan Erdogan “Jenap Tramp Ierusalym musulmanlar üçin diýseň möhüm. Bu biziň Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklarymyzy kesmegimize sebäp bolup biler. ABŞ-na ýene-de bir gezek duýduryş berýäris. ABŞ-nyň mundan başga işi ýokmy. Terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşi bitirdiňde bu my galdy” diýdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini aýdan Erdogan, “ Eger şeýle bolan halatynda 5-10 günüň dowamynda Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderler maslahaty Stambulda geçirler” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar