"PÝD,ÝPG-ä berilýän her bir ýarag, her bir gülle PKK arkalyTürkiýä gönügen howp diýmekdir"

Kalyn ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä berilýän her bir ýaragyň Türkiýä abanýan howpdygyny aýtdy

858223
"PÝD,ÝPG-ä berilýän her bir ýarag, her bir gülle PKK arkalyTürkiýä gönügen howp diýmekdir"

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä berilýän her bir ýaragyň Türkiýä abanýan howpdygyny aýtdy.

Stambulda geçirlen 8-nji Bogaziçi maslahatyna gatnaşan Kalyn, “Bize şu günki güne çenli PÝG-ä, PÝD-ä DAIŞ-e garşy göreş üçin goldaw berýändiklerini aýtdylar. Emma indi şol howp ortadan aýrylan bolsa PÝD, ÝPG bilen edýän gatnaşyklaryňyzy bes etmegiň wagty geldi” diýdi.

24-nji noýabrda Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde meseläniň giňişleýin seljerlendigini aýdan Kalyn “Jenap Tramp PÝD-ä we ÝPG-a mundan soň ýarag kömeginiň berilmejekdigini açyk aýdyň aýtdy. Emma azda kände Amerikan ulgamyny tanaýanlar bir gün soň Pentagonyň beren beýanatyna geň galmadyk bolsa gerek. Gynansakda Pentagon Trampyň aýdan sözlerinden 1 gün soň PÝD bilen ÝPG-ni öz içine alýan Siriýanyň Demokratik güýçlerine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.  Biz elbetde Pentagonyň bu beýanatyny kabul etmeýäris” diýdi.

Ibrahim Kalyn “Sebäbi PÝD,ÝPG-ä berilýän her bir ýarag, her bir gülle PKK arkalyTürkiýä gönügen howp diýmekdir. Sebäbine garamazdan PÝD,ÝPG-ä berilýän her bir goldaw PKK-nyň ömrüni uzadýar. Biz mumy asla kabul etmeris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar