Türk lider Gresiýa sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 7-8-dekabr aralygynda Afinada saparda bolar

857003
Türk lider Gresiýa sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan resmi çakylyga laýyklykda 7-8-nji dekabrda Gresiýa sapar gurar.

Türkiýeden Gresiýa Prezident derejesindäki sapar 65 ýyl ozal ýurdyň 3-nji Prezidenti Jelal Baýar tarapyndan guralypdy.

Erdoganyň sapary bilen baglanşykly ilkinji ädim Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň iýun aýynda Afina guran sapary bilen edilipdi.

Binali Ýyldyrymy kabul eden Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulosyň Erdoganyň saparyna hoşal boljakdygyny aýdypdy.



Degişli Habarlar