Erdogan: “Türkiýäniň siriýalylar üçin eden kömegi takmynan 30 milliard dollara ýetdi”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň siriýalylar üçin eden kömeginiň takmynan 30 milliard dollara ýetendigini belledi

857894
Erdogan: “Türkiýäniň siriýalylar üçin eden kömegi takmynan 30 milliard dollara ýetdi”

Erdogan paýtagt Ankaranyň Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde geçirilen Tokaýçylyk ministrliginiň köpçülikleýin açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Siriýalylara edilýän kömekleriň üstünde durup geçen Prezident Erdogan siriýalylar üçin AFAD-yň üsti bilen edilen kömekleriň 2,3 milliard dollara, häkimlikleriň eden hyzmatlarynyň 6 milliard dollara, jemgyýetçilik guramalarynyň üsti bilen edilen kömekleriň bolsa 1,2 milliard dollara ýetendigini habar berdi. 

Ondan daşary hem Türkiýäniň serhetleriniň çäginde we daşary ýurtlarda berilýän bilim we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hem çäksizdigini aýdan Türkiýäniň Prezidenti siriýalylara diňe döwlet guramalarynyň däl, eýsem esasy kömegiň türk milletiniň berendigini habar berdi.

Erdogan bellige alynmadyk meýletin adamlaryň we guramalaryň beren kömekleriň üýşürilen mahaly, siriýalylara halkara standartlara görä takmynan 30 milliard dollarlyk bir kömegiň edilendigini ýüze çykandygyny habar berdi.

Erdogan: “Bu hasap AFAD, Maliýe ministrligi, Türkiýäniň Hasabat guramasy ýaly guramalar tarapyndan hasaplanyp, ýüze çykaryldy” diýdi.



Degişli Habarlar