Ismail Kahraman ýaňadandan Mejlisiň başlyklygyna saýlandy

Ismail Kahraman 289 ses bilen ýaňadandan TBMM- niň başlyklygyna saýlandy

851320
Ismail Kahraman ýaňadandan Mejlisiň başlyklygyna saýlandy

 

Adalat we Ösüş partiýasynyň Stambul halk deputaty Ismail Kahraman ýaňadandan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy hökmünde saýlandy.

TBMM-niň Baş Assambleýasynda 26-njy çagyrlyşyň 2-nji döwri üçin saýlaw geçirildi.

Saýlawyň birinji we ikinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç biri TBMM-niň başlygy hökmünde saýlanmak üçin ýeterlik ses alyp bilmedi.

509 halk deputatynyň gatnaşmagynda geçirlen saýlawyň üçünji tapgyrynda Adalat we Ösüş partiýasynyň Stambul halk deputaty Ismail Kahraman 289 ses bilen ýaňadandan TBMM- niň başlyklygyna saýlandy.

Saýlawda Jemhuriýet halk partiýasynyň Izmir halk deputaty Zekeriýa Temizel 124, Halklaryň demokratik partiýasynyň Hakkari halk deputaty Selam Yrmak 37, Milletçi hereket partiýasynyň Stambul halk deputaty Jelal Adan 36, IÝI partiýanyň Kaýseri halk deputaty Ýusuf Halaçogly bolsa 7 ses aldy.


Etiketkalar: #Mejlis , #TBMM , #Ismail Kahraman

Degişli Habarlar