Erdogan Norwegiýada geçirilen NATO türgenleşiginde başdan geçirilen skanadala nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Norwegiýada geçirilen NATO-nyň harby türgenleşiginde başdan geçirilen skanadal bilen baglanşykly bildirýän reaksiýasyny şu gün dowam etdirdi

850545
Erdogan Norwegiýada geçirilen NATO türgenleşiginde başdan geçirilen skanadala nägilelik bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň Baýburt welaýatynyň nobatdaky 6-njy kongresinde çykyş eden Erdogan: "NATO-nyň harby türgenleşiginde hem Respublikamyzyň esaslandyryjysy Atatürki hem-de meni nyşana tagtasyna ýerleşdirdiler. Skandallaryň ýene-de birini ýüze çykardylar. Indi hemmämizem meseläniň diňe meniň bilen baglanşykly däldigini bilýäris. Nyşana Türkiýedir, türk milletidir. Indi hemmä mälim halkara guramalara öň hatar garnizonluk wezipesini ýerine ýetirýän Türkiýe ýok. Bizi 1980-nji, 1990-njy ýyllaryň Türkiýesi bilen deňeşdirýänleriň uly ýalňyşlyk edýändiklerini elbetde düşünerler" diýdi. 



Degişli Habarlar