Kilisde siriýaly çagalar üçin synyplar açyldy

Kilis şäherinde siriýaly çagalar üçin ÝB-niň goldaw bermeginde açylan synplarda bilim berilmäge başlandy

849877
Kilisde siriýaly çagalar üçin synyplar açyldy

Milli bilim ministrligi tarapyndan taýarlanan taslamanyň çäginde 120 çaga bilim berjek synyplar Kilidäki Hürriýet başlangyç klas mekdebiniň howlusynda geçirlen ýörite dabara bilen açyldy.

Dabara ÝB-niň Türkiýeden jogapkär wekiliýetiniň başlygy ilçi Kristin Berger, BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi ÝUNISEF-iň Türkiýe boýunça wekili Duamelle bilen ÝUNISEF-iň ýagşy niýetli ilçisi aktrisa Tuba Büýüküstün gatnaşdy.

Çagalaryň bilim almagynyň Siriýanyň geljegi taýdan möhümdigini aýdan Berger emma ilkinji nobatda çaknyşygyň we söweşin bes edilmelidigini belledi.



Degişli Habarlar