Türkiýe Amerikan raýatlarynyň wiza ýüz tutmalaryny çäkli hem bolsa kabul etmäge başlady

Amerikan hökümeti Türkiýedäki diplomatik wekilhanalarynda wiza ýüz tutmalaryny çäkli hem bolsa kabul etmäge başlandyklaryny habar beripdi

842099
Türkiýe Amerikan raýatlarynyň wiza ýüz tutmalaryny çäkli hem bolsa kabul etmäge başlady

Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasyndan berlen beýanatda Amerikan hökümetiniň bu ugurda egilşik etmeginden soň türk wekilhanalarynyň wiza hyzmatlarynyň çäkli hem bolsa ýaňadandan başladylandygy nygtaldy.

Amerikan hökümeti Türkiýedäki diplomatik wekilhanalarynda wiza ýüz tutmalaryny çäkli hem bolsa kabul etmäge başlandyklaryny habar beripdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeler resmi Waşingtonyň bu kararyny Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň şu gün başlaýan Amerika saparynyň öňüsyrasynda ädilen “oňyn ädim” hökmünde häsiýetlendirýär we şuňa meňzeş syýasatyň alnyp baryljakdygyny nygtaýar.

Iki ýurduň arasyndaky wiza krizisi geçen aýn ABŞ-nyň Stambuldaky Baş konsullygynda işleýän bir adamyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli tussag edilmegi netijesinde ýüze çykypdy.

Amerikan hökümeti 8-nji oktýabrda türk raýatlaryna wiza berilmegi işlerini saklapdy.

Resmi Waşingtonyň bu kararyndan soň Ankara hem Amerikan raýatlaryna wiza berilmegini wagtlaýyn saklapdy.

 



Degişli Habarlar