Soňky 1 hepde-de 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi geçirilýän operasiýalar barada baglumat berdi

841433
Soňky 1 hepde-de 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda 30-njy oktýabr-6-njy noýabr aralygynda terrora garşy göreşiň çäginde 1476 operasiýa geçirilendigi mälim edildi.

68-i öli, 6-sy diri ýagdaýda, 6-sy bolsa howpsyzlyk güýçlerine boýun egmek bilen jemi 80 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Terror guramasy PKK/KCK bilen arabaglanşygy bolan 238 adam, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bar bolan 48 adam, FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşygy bolan 674 adam we aşa çepçi hereketler bilen arabaglanşygy bar bolan 14 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýalarda şeýle hem 5 aýry welaýatda jemi 47 gaçypatalga we gowak ýer bilen ýegsan edildi.



Degişli Habarlar