Albaýrak Stambulda Zetes-Hattat ýerli kömüre geçiş dabarasyna gatnaşdy

Türkiýe 2023-nji ýylda energetika zerurlygynyň 2/3-sini öz mümkinçilikleri bilen üpjün etmek maksadyna golaýlap gelýär

841885
Albaýrak Stambulda Zetes-Hattat ýerli kömüre geçiş dabarasyna gatnaşdy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň 2023-nji ýylda energetika zerurlygynyň 2/3-sini öz mümkinçilikleri bilen üpjün etmek maksadyna golaýlap gelýändigini nygtady.

Berat Albaýrak Stambulda Zetes-Hattat ýerli kömüre geçiş protokolyna gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

Ýerli önümçilige geçilmek babatynda bu gol çekişlik dabarasynyň örän wajypdygyny we ýerli çeşmeleriň ulanylmagynda iň möhüm harytlaryň biriniň kömürdigini aýdan Berat Albaýrak: “Türkiýede ýerli önümçilige geçeris. Nesip bolsa maksat 2018-nji ýylyň ahyryna çenli 100 million tonna ýetmek we Türkiýe Respublikasy taryhynyň iň köp ýerli kömür önümçiligine ýetmek” diýdi.



Degişli Habarlar