Prezident Erdogan Azerbaýjana guraýan resmi saparyny dowam etdirýär

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylar

837674
Prezident Erdogan Azerbaýjana guraýan resmi saparyny dowam etdirýär

 

Taryhy demir ýüpek ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident Erdogan saparyny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde şu gün kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.

Iki lider özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Gepleşiklerde iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahataşylar.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylar.



Degişli Habarlar