Yragyň demirgazygynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Metina we Zap etrapçalaryna guralan howa hüjüminde aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

834498
Yragyň demirgazygynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina we Zap etrapçalaryna guralan howa hüjüminde aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanata görä, Metina we Zap etrapçalarynda serhetýakasynda harby  gözegçilik merkezine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparynyň bardygynyň anyklanylmagyndan soň terrorçylara garşy howa hüjümi guraldy.

Hüjümde 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýda getirilmeginden soň harby uçarlar harby bazalaryna dolanyp geldi.

 



Degişli Habarlar