“Eýsem ABŞ muny nähili düşündirer”

Prezident Erdogan Rakkada PKK-niň ýolbaşçysynyň portrediniň asylmagyna berk garşylyk görkezdi

831326
“Eýsem ABŞ muny nähili düşündirer”

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Rakka şäherinde aýralykçy terror guramasy PKK-niň ýolbaşçysynyň portrediniň asylmagyna berk garşylyk görkezdi.

D-8-iň Stambulda geçirlen maslahatyndan soň metbugata beýanat beren Prezident Erdogan “Eýsem ABŞ muny nähili düşündirer” diýdi.

Ýewropada hem wagtal-wagtal terrorçylaryň portretleriniň asylandygyny ýatladan Prezident Erdogan, ABŞ-nyň terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw bermeýändigini nygtady.

Prezident Erdogan “PKK terror guramasydyr diýärsiň. ÝB-ne agza ýurtlar hem PKK terror guramasydyr diýär. Emma terror guramasynyň ýolbaşçysynyň portrediniň asylmagyna rugsat berýärsiňiz. Muny nähili düşündirersiňiz. Eýsem terrora garşy göreşde arkalaşyk şeýle bolmalymy”diýdi.

 

 



Degişli Habarlar