Ýyldyrym PKK garşy göreşde Eýranyň möhümdigini belledi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy täsirli göreşde Eýran bilen edilýän hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi

830567
Ýyldyrym PKK garşy göreşde Eýranyň möhümdigini belledi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym we Stambulda ertir geçiriljek D-8 maslahaty üçin Türkiýä gelen Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri Çankaýa köşgünde bilelikde metbugat ýygangyny geçirdiler. 

Binali Ýyldyrym ol ýerde eden çykyşynda: "Türkiýäniň soňky 40 ýylynyň esasy meselesi bolan terror guramasy PKK-a garşy has äsirli göreşde Eýran bilen edilýän hyzmatdaşlyk möhüm we bu babatda artýan hyzmatdaşlygymyzdan örän hoşaldyrys" diýdi.

Binali Ýyldyrym sebitiň geljegi bilen baglanşykly Türkiýe bilen Eýranyň pozisiýalarynyň meňzeşdigini we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn ýagdaýda dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar