Stambulda Halkara sempozium geçiriler

Stambulda 18-nji oktýabrda global meseleleriň ara alynyp maslahatlaşyljak uly bir simpozium geçiriler

825935
Stambulda Halkara sempozium geçiriler

Açylyşynda Prezident R.T. Erdogan çykyş etjek simpoziumy Türkiýäniň halkara arenadaky sesi bolan iňlisçe ýaýlym berýän TRT World geçirýär. 

TRT Worldyň: gün tertibiniň ileri tutulýan, medeni, syýasy, ykdysady we sosial meselelere çözgüt tapmak maksady bilen ilkinji gezek geçirjek TRT World Forum ençeme ýurtdan takmynan 400 syýasatçyny, işewür adamy, alymy, aktiwisti we metbugat işgärlerini bir ýere jemlär. 

Dowamly häsýetde geçirilmegi meýilleşdirilýän forumyň temasy: Näbelli döwürde üýtgeşmä ylham bomak.

TRT World Forumynda çykyş etjek adamlaryň arasynda Ispaniýanyň ozalky Premýer ministri Žoze Luis Rodriguez Zapatero, Malkolm X-yň gyzy aktiwist Ilýasah Şabazz, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Günorta Afrikanyň Galkynyň ministri Bathabile Olive Dlamini, TRT-nyň Baş müdüri Ibrahim Eren we RUSI-niň Baş müdüri Karin Won Hippel dagylar bar. 

Gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriň we medeianyň jogapkärçiliginiň ara alynyp maslahatlaşyljak forumda daşary ýurt duşmançylygy we yslamafobiýa, ynsanperwer kömek, halkara ulgamda başda geçirilýän krizisler we şolaryň çözgütleriniň üstünde durulyp geçiler. 

Taslamanyň temasy bolsa ýiten bosgun çagalar. 

Bosgunlary gü tertibe getirmek bilen dokumental filmler hem görkeziler. 

Forum we oňa gatnaşýanlar bilen bagly maglumatlary forum.trtworld.com internet saýtyndan görüp bilersiňiz. 


Etiketkalar: #TRT World , #forum , #bosgun , #çagalar

Degişli Habarlar