Bozdag Fransiýadaky jenaýatçylykly wakany ýazgardy

Wise-premýer we hökümetiň metbugat sekretary Bekir Bozdag Fransiýada 3 sanysy türk 5 adamyň pida bolan bilkastlaýyn ýangyn çykarma wakasyny ýazgarýandygyny beýan etdi

818882
Bozdag Fransiýadaky jenaýatçylykly wakany ýazgardy

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Bozdag, fransuz ýolbaşçylary wakanyň jogapkärlerini tapyp, jezalandyrmaklary üçin çagyryş etdi.

Bekri Bozdag: “Rasizm, ektremizm, daşary ýurt duşmançylygy ýaly howply hassalyklara garşy ählimizň bilelikde hereket etmelidigimizi şeýle gussaly wakalar ýene-de bir gezek görkezýär. Şeýle gussaly wakalaryň gaýtalanmazlygyny tama edýäris” diýdi.

Geçen hepde Yragyň Kürt Awtonomiýasynda guralan bikanun referendum barada Türkiýäniň parasatly çemeleşjekdigini nygtan Bozdag, Eýran we Yrak bilen hyzmatdaşlyk ediljekdigini aýtdy.

Bozdag: “Yragyň Kürt Awtonomiýasyna garşy görüljek çarelerde hukuga laýyklyk we türk milletiniň bähbitleri ileri tutular. Kürt Awtonomiýasy eden ýalňyşyny düzedýänçä gatnaşyklar kadalaşmaz. Mundan soňçy çäreler yglan edilmezden görüler” diýdi.



Degişli Habarlar