"Garaşsyzlyk referendumy çaknyşyga sebäp bolup biler"

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň garaşsyzlyk referendumynyň çaknyşyga sebäp bolup biljekdigini aýtdy

813667
"Garaşsyzlyk referendumy çaknyşyga sebäp bolup biler"

Premýer ministr Ýyldyrym Yragyň Kürt Awtanomiýasynda bikanun ýagdaýda geçirilýän referendum hakynda beýanat berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Referendum krizisi mundan soňky etapda garaşylmadyk wakalaryň başlangyjy bolup biler. Referendum çaknyşyga hem sebäp bolup biler. Biz diňe Yragyň merkezi hökümeti bilen işeleris”diýdi.

Türkiýäniň ykdysady, syýasy we harby taýdan Yragyň merkezi hökümeti bilen işleşmäge dowam etjekdigini aýdan Ýyldyrym, Yrak serhedinde dowam edýän türgenleşige yrakly ofiserleriň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň sebitdäki türkenmelere garşy gyrgynçylyk edilmegine asla rugsat bermejekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar