“Siriýa krizisinde hiç kim arkalaşmak islemeýär”

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu Ýorka giden Daşary işler ministri Siriýa krizisine garalan ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

812058
“Siriýa krizisinde hiç kim arkalaşmak islemeýär”

Siriýa krizisi syýasy taýdan çözülmezden durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilip bilinmejekdigini nygtan Çawuşogly, Siriýada hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň güýçlendirilmelidigini belledi.

Siriýada diňe terror guramasy DAIŞ-e däl eýsem beýleki terror guramasy ÝPG-ä garşy göreşde hem ünsli çemeleşilmelidigini aýdan Çawuşogly, terror guramasy ÝPG-nyň sünni araplar we kürtleri ýaşaýan ýerlerini terk etmägä mejbur edýändigini ýatlatdy.

Türkiýäniň siriýaly 300 müň kürt raýatyny myhman alýandygyny aýdan Çawuşogly, şolaryň 90 göteriminiň ÝPG sebäpli öýlerini terk edendigine ünsi çekdi.

Siriýanyň ýaňadandan dikeldilmegi işleri hakynda hem durup geçen Mewlüt Çawuşogly ÝB-niň mesele bilen ýakyndan gyzyklantýandygyny we mümkinçiliginiň hem bardygyny emma beren sözüni ýerine ýetirmeýändigini gürrüň berdi.

Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin 30 milliard dollar sarp edendigini emma halkara jemgyýetçiliginiň Türkiýä diňe 520 million dollarlyk ýardam berendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar