Hakkaride dört terrorçy öldürildi

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýada 4 terrorçy öldürildi

811789
Hakkaride dört terrorçy öldürildi

Welaýat häkmiligi tarapyndan berilen beýanatda etrabyň Ikiýaka obasynyň Mezruk diýilen ýerinde PKK-ly 4 terrorçynyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan anyklanandygy mälim edildi.

Beýanatda 4 terrorçynyň gaubisalar arkaly açylan odyň netijesinde öldürilendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan düýn Yragyň demirgazygyndaky Kandil, Metina we Gara sebitlerinde ýerleşýän PKK-a degişli ýerlere guralan howa hüjümlerinde terror guramasyna degişli söweşjeň liniýalar, gaçypatalgalar bilen ýarag we ok-däri ammarlar ýok edildi.

Howa operasiýasyna gatnaşan uçarlar berilen wezipäni üstünlikli ýerine ýetireninden soň bazalara gaýdyp geldiler.



Degişli Habarlar