Hakkaride 1 esger şehit boldy
Welaýatda terrorçylara garşy guralýan operasiýalar dowam edýär
811912
Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan ýola goýlan partlaýjy maddanyň ýarylmagy sebäpli 1 esger şehit boldy.
Esendere Çopanpynar etrapçasynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan ýola goýlan partlaýjy madda harby ulag geçip barýarka ýaryldy.
Hüjümde agyr ýaralanan 1 esger Ýüksekowa hassahanasynda bejergi astyna alyndy emma halas edilip bilinmedi we şehit boldy.
Welaýatda terrorçylara garşy guralýan operasiýalar dowam edýär.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.