Erdogan BMG-niň Sessiýasynda Çykyş Etdi

Prezident R.T.Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasyny ýene-de bir gezek 25-nji sentýabrda garaşszlyk referendumyny geçirmekden el çekmäge çagyrdy

810299
Erdogan BMG-niň Sessiýasynda Çykyş Etdi

Nýu-Ýorkda BMG-niň 72-nji Sessiýasynda liderlere ýüzlenip çykyş eden Erdogan, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň sebitde çaknyşyklara sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Erdogan: “Türkiýäniň bu meseledäki açyk we ygrarly pozisiýasyny görmediksiremek Yragyň Kürt Awtonomiýasyny eýe bolan şertlerinden mahrum etjek başlangyçlara sebäp bolup biler” diýdi.

Erdogan 6 ýyldan bäri içerki urşuň penjesinde bolan Siriýanyň halkynyň halkara jemgyýetçiliginiň goldaw bermeýändigine garamazdan, Türkiýäniň meseläni çözmek üçin gerek bolan syýasy we ynsanperwer tagallany alyp barýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň 3 million siriýaly bilen 200 müňden gowrak yraklyny kabul edendigini gürrüň beren Erdogan, şolar üçin edilen çykdajynyň 30 milliard dollara barabardygyny, emma ÝB-niň söz beren kömegini iş ýüzüne geçirmändigini aýtdy.

Erdogan: “3,2 million bosgunyň ýüküni Türkiýäniň üssüne atan ähli ýurtlary we halkara guramalaryny beren sözlerinde durmaga çagyrýaryn” diýdi.

Aýlag sebitinde 5-nji iýundan bäri dowan edýän dartgynlyk barada durup geçen Prezident Erdogan, Kataryň halkyna goýulan embargonyň aýrylmalydygyna ünsi çekip, Kuweýdiň çözgüt ugrundaky tagallasyny goldaýandyklaryny beýan etdi.

Mýanmanyň Arakan ştatynda ýaşaýan musulmanlaryň duçar edilen etniki saplaýyşyna-da ünsleri çeken Prezident Erdogan, halkara jemgyýetçiliginiň bu pajyganyň öňünde synagdan geçmändigini nygtady.

Türkiýäniň şol çykgynsyzlygyň çözülmegi üçin hem tagalla edýändigini aýdan Preizdent, maşgala agzalary bilen käbir ministrleriň arakanly musulmanlary Bangladeşdäki bosgun düşelgelerinde baryp görendigini, olara ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde işleşýändigini mälim etdi.

Erdogan: “Bu tragediýanyň öňi alynman halatynda adamzat taryhyna ýene-de bir gara sahypa ýazylar” diýdi.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 5 agzadan emele gelýän gurluşyny ýene-de bir gezek “Dünýä bäşden uludyr” sözleri bilen tankyt eden Erdogan, alternatiw hökmünde bolsa ählisi deň hukukly we deň ygtyýarly 20 agzaly geňeşiň döredilmegini teklip etdi.

Przident Erdogan sözlerini: “Gözlerimiziň reňki nähili bolanda-da göz ýaşlarymyzyň reňki bir” diýip, tamamlady.

 



Degişli Habarlar