Habur gümrük geçelgesiniň golaýynda düýn başlan harby türgenleşik dowam edýär

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yrak serhedinde ýerleşýän Habur gümrük geçelgesiniň golaýynda düýn ir ertir başlan harby türgenleşik dowam edýär

809935
Habur gümrük geçelgesiniň golaýynda düýn başlan harby türgenleşik dowam edýär

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky Habur gümrük geçelgesinden 3 kilometr alysda ýerleşýän meýdanda geçirilýän türgenleşige tanklar bilen birlikde köp sanly harby ulag gatnaşýar.

Baş ştabdan berlen beýanatda Silopi-Habur zolagynda başlan harby türgenleşik bilen şol bir wagtda terrora garşy göreşiň çäginde serhetýakasynda guralýan operasiýalaryň hem dowam edýändigi ýatladylypdy.

 



Degişli Habarlar