Şyrnakda geçirilen operasiýada iki terrorçy öldürildi

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky operasiýada aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

807983
Şyrnakda geçirilen operasiýada iki terrorçy öldürildi

Judi dagyndaky operasiýada anyklanan elde ýasalan 11 partlaýjy ýok edildi.

Howpsyzlyk güýçleri Hakkari welaýatyndaky gowaklaryň birinde dürli ýaraglara degişli 2 müňden gowrak ok-däri ele saldy.

Diýarbakyr welaýatynyň Hani we Lije etraplary bilen Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda takmynan 200 kg partlaýjy ýüze çykaryldy.

4 tapawutly ýerde duzaklanyp goýulan elde ýasalan partlaýjylar hem gözegçilik astynda ýok edildi.

Terrorçylaryň maliýe çeşmelerine garşy operasiýalar hem arakesmesiz dowam edýär. 

Hakkari we Diýarbakyr welaýatlarynda geçirilen operasiýalarda 5 müň düýp kenep ele salyndy.



Degişli Habarlar