Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan Arakanly musulmanlar üçin Bangladeşe bardy

Emine Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Arakanly musulmanlaryň Bangladeşde bolýan düşelgelerine barar

802635
Prezident  Erdoganyň aýaly Emine Erdogan Arakanly musulmanlar üçin Bangladeşe bardy

Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan Arakanly musulmanlaryň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin Bangladeşe bardy.

Ermine Erdogan Mýanmanyň Arakan welaýatynda başdan geçirilýän adamzat pajygasyna ünsi çekmek we başdan geçirilýän wakalardan gaçyp Bangladeşe giden Arakanly musulmanlara kömek bermek üçin Türkiýäniň elinden geleni etjekdigini görkezmek üçin Bangladeşe gitdi.

Emine Erdogana ogly Bilal Erdogan bilen birlikde Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa, Adalat we ösüş partiýasynyň Stambul halk deputaty Rawza Kawakjy Kan hem ýoldaşlyk etdi.

Emine Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Arakanly musulmanlaryň Bangladeşde bolýan düşelgelerine barar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Mýanmanyň Arakan welaýatynyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar sebäpli Bangladeşe giden Arakanly musulmanlaryň durmuş şertlerini ýerinde görmek üçin Bangladeşe gidipdi.

Çawuşogly iş saparynyň çäginde paýtagt Dakkada Bangladeşli ýolbaşçylar we halkara ynsanperwer kömek guramalarynyň wekilleri bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar