PKK-a garşy guralan operasiýalarda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasynda guran howa hüjüminde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

801382
PKK-a garşy guralan operasiýalarda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnakda we Diýarbakyrda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýalarda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1 terrorçy bolsa ýaraly ele salyndy.

Şyrnak welaýatynyň Tahtakaýalyklar etrapçasynda guralan operasiýada howpsyzlyk güýçleri terrorçylar bilen çaknyşdy.

Çaknyşykda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Diýarbakyryň Lije etrabynyň Çawundur we Baglan obalarynda guralan operasiýada bolsa 1 terrorçy öli, 1 terrorçy ýaraly ýagdaýda ele salyndy.

Terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýarag we terror guramasyna degişli resminalar ele geçirildi.

Operasiýada şeýle hem terror guramasyna ýardam beren 2 adam tussag edildi.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasynda guran howa hüjüminde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar